Körpeje müdirligi 1,3 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz çykardy

BT
Körpeje müdirligi 1,3 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz çykardy
Gazçy hünärmeniň alyp baryan işinden bir pursat (Surat: turkmenistan.gov.tm)

“Nebitgazçykaryş” trestiniň düzümindäki Körpeje gaz çykaryş müdirligi 2025-nji ýylyň başyndan bäri 1 milliard 383 million 211 müň 842 kub metr (meýilnama boýunça çykarylmalysy 599 million 370 müň kub metr) tebigy gaz çykarylyp, uly zähmet üstünligi gazanyldy. Bu barada sişenbe güni çap edilen “Nebit-Gaz” gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu döwürde 25 müň 999 tonna (meýilnama boýunça 14 müň 995 tonna) gaz kondensaty alyndy.

“Nebitgazçykaryş” trestiniň düzümindäki Körpeje gaz çykaryş müdirligi 1998-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda kärhana döwletiň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik taýdan örän wajyp wezipelerini amala aşyrýan ulgamlarynyň birine öwrüldi.

Müdirlik Esenguly etrabynyň çäklerinde gazly, gazkondensatly känleri önümçilik taýdan özleşdirmek, gazy, gaz kondensatyny çykarmak, toplamak, taýýarlamak we sarp edijilere ugratmak ýaly işleri amala aşyrýar.

Onuň önümçilik ýerleri Körpeje, Keýmir, Akpatlawuk, Çekişler, Seňňerdepe we Gyýanly meýdançalarynda ýerleşýär. Müdirligiň düzüminde gazy çykaryş, gazy çykaryş we taýýarlaýyş, gazy taýýarlaýyş we daşaýyş, gazy gysyş we taýýarlaýyş, gazy taýýarlaýyş we akdyryş ýaly esasy sehler, prokat, barlagölçeg abzallary we awtomatika, elektrik enjamlary, elektrik üpjünçiligi we abatlaýyş, abatlaýyş-sazlaýyş, awtoulaglar sehleri ýaly ýardam beriji sehler, şeýlede, ülüşler bar.

2022