Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 17-nji sammitiniň çäklerinde Pakistanyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi anna güni habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem iki ýurtda gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamy ýaly sebit taslamalarynyň ähmiýetini nygtadylar.
Şol gün Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Soltan Ahmed Al Jaber bilen hem gepleşikleri geçirdi.
Duşuşygyň çäginde taraplar energrtika ulgamynda, husasan-da gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.