“Türkmengaz” döwlet konserni geofiziki enjamlaryň döwrebap görnüşleri bilen üpjün ediler

BT
“Türkmengaz” döwlet konserni geofiziki enjamlaryň döwrebap görnüşleri bilen üpjün ediler
“Galkynyş” gaz käni (Surat: turkmenistan.gov.tm)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gözegçilik edýän pudagyny geofiziki enjamlaryň döwrebap görnüşleri bilen üpjün etmek bilen bagly taýýarlanylan degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek, nebitgaz ýataklaryny gözlemek, ýüze çykarmak hem-de netijeli özleşdirmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunda önümçilige innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryny gözlemek, gaz geçiriji ulgamlaryň ygtybarly işlemegini üpjün etmek babatda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da gowulandyrmak boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

2022