Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň wise-prezidenti LLDC üçin Türkmenistana geler

BT
Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň wise-prezidenti LLDC üçin Türkmenistana geler
Ýewropa Maýa goýum Bankynyň wise-prezidenti Kariakos Kokorius (Surat: sosial ulgamyndaky sahypasy)

Ýewropa Maýa goýum Bankynyň wise-prezidenti Kariakos Kokorius şu ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda Awazada geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahatyna (LLDC3)  gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar etmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu sapar barada Türkmenistanyň Ýewropa bileşigindäki ilçisi Sapar Palwanow bilen Ýewropa Maýa goýum Bankynyň Aziýa sebitiniň karzlar boýunça baş hünärmeni Dawid Mongussiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara forumy ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin oňyn meýdança hökmünde görýändiklerini bellediler.

Dünýäde 500 milliondan gowrak ilaty bolan 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar geografik ýerleşişleri bilen bagly umumy kynçylyklar bilen ýüzleşýärler, bu ýagdaý olaryň dünýä ykdysady gatnaşyklaryna täsir edýär.

2022