Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş müdirýetiniň sebit boýunça direktory Peteris Ustups Ýewropa Bileleşiginde akkreditirlenen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen duşuşdy. Bu çärä gatnaşan Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen ulag, söwda we energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň işjeň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda “Merkezi Aziýa – ÝB” ilkinji sammitiniň netijeleri, şeýle hem 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyryna meýilleşdirilen Maýa goýum we Ykdysady forumlara görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu forumlar halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, möhüm çigmal boýunça hyzmatdaşlygy, şeýle hem ýaşyl energetika we durnukly ösüş ugurlarynda anyk başlangyçlary öňe sürmekde oňyn meýdança bolup çykyş etmegine garaşylýar.
Çärä gatnaşyjylar ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen Ýewropa Maýa Goýum Banky hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berdiler.
Türkmenistan bilen Ýewropa Maýa goýum Banky anyk maýa goýum taslamalaryny taýýarlamak we olara degişli hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamalary işläp düzmek babatynda özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine taýýardygyny mälim etdiler.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


