2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi.
Resminama gol çekilmezinden ozal Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Ruanda Respublikasynyň Hemişelik wekili Martin K.Ngoga ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda A.Ataýewa Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ruandanyň Hökümetini ýene-de bir gezek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) ýokary derejede gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasybetli Türkmenistanyň we Ruandanyň hökümetlerini hem-de halklaryny gutladylar. Bu ädim gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esaslarynyň berkemegine tarap möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


