Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy migrasiýa kanunlarynyň berk berjaý edilmelidigini ýatladýar

BT
Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy migrasiýa kanunlarynyň berk berjaý edilmelidigini ýatladýar
Waşigntondaky dürli ýurtlaryň ilçihanalarynyň binalary, Kolumbiýa okrugy, ABŞ (Surat: ncpc.gov)

Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçihanasy ABŞ-da hemişelik ýa-da wagtlaýyn esasda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň ähli kanunlaryna, şol sanda migrasiýa düzgünlerine berk eýermegiň möhümdigini ýatladýar.

Ilçihana türkmen raýatlaryna wizalarynyň we ýaşamak üçin rugsatnamalarynyň möhletini yzygiderli gözegçilikde saklap, olary wagtynda uzaltmagy, ýurtda galmak möhletini dowam etdirmek isleýän halatlarynda degişli iş rugsatnamalaryny hem-de beýleki hukuk resminamalaryny ABŞ-nyň migrasiýa kadalaryna laýyklykda almalydygyny belleýär.

Bu düzgünleriň ýerine ýetirilmezligi birnäçe kynçylyklary döredip biler. Şolaryň hatarynda pul jerimesi, ýurtdan çykarylmak, gaýtadan ýurda girmegiň gadagan edilmegi, geljekde wiza almak hukukygyndan mahrum bolmak, şeýle hem saklanylmak we beýleki çäklendirme çäreleri ýüze çykyp biler diýip, ilçihanadan habar berýär.

Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak maksady bilen, ilçihana raýatlary wizalar we iş rugsatnamalary bilen bagly meseleleri wagtynda çözmäge çagyrýar. Şeýle hem daşary ýurtda bolmagyň kanunylygyny tassyklaýan we konsullyk hyzmatlaryna elýeterliligi ýeňilleşdirýän konsullyk hasaba alyşyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtaýar. Bu hyzmat raýatlara adatdan daşary ýagdaýlarda hukuk we guramaçylyk taýdan goldaw bermäge, saýlawlara we beýleki resmi çärelere gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

2022