Türkmenistan-Azerbaýjan: ýanwar-iýunda ýük daşamalar 1 million tonnadan geçdi

BT
Türkmenistan-Azerbaýjan: ýanwar-iýunda ýük daşamalar 1 million tonnadan geçdi
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça Hökümetara bilelikdäki toparynyň 8-nji mejlisi, 2025-nji ýylyň 28-nji iýuly, Baku, Azerbaýjan. (Surat: Mikail Jabbarowyň internet sahypasyndan)

Şu ýylyň ýanwar iýun aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky üstaşyr ýük daşamalary 1 million tonnadan geçdi. Bu barada duşenbe güni Baku şäherinde geçirilen ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň 8-nji mejlisinde habar berildi.

“Azertaj” neşiriň habar bermegine görä, geçen ýylyň jemleri boýunça, ýurtlar arasyndaky ýük daşamalary 2 million tonnadan gowrak bolup, bu görkeziji ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşini görkezýär.

Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulyan ugurlary hökmünde söwda, energiýa, senagat, ulag, işewürlik, oba hojalyk ugurlary we “Alýat” erkin ykdysady zolak görkezildi.

Mejlisde işewürlik we maýa goýumlar üçin şertler, ulag-logistika infrastrukturasynyň mümkinçilikleri we Zengezur koridorynyň geljegi baradaky maglumatlar hödürlendi. Şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň möhümdigi bellenildi we türkmen maýadarlary işewürlikde işjeň hyzmatdaşlyga gatnaşmaga çagyryldy.

Mejlisiň ahyrynda ykdysadyýet, söwda, energiýa, ulag we oba hojalyk ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi baradaky resminama gol çekildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda hyzmatdaşlygy we özara maýa goýumlary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2022