Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynda 269,4 müň tonna nebiti gaýtadan işledi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,7% köpdür. Bu barada anna güni çap edilen “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berdi.
Gazylyp alnan çig maldan 127,4 müň tonna benzin, 62,7 müň tonna dizel ýangyjy we 12,4 müň tonna ýol bitumy öndürildi. Ýangyç we gurluşyk materiallarynyň önümçiliginiň artmagy içerki bazaryň durnuklylygyny üpjün edilmegine we sebitiň senagat kuwwatynyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndaky ösüş beýleki pudaklardaky oňyn netijeler bilen hem utgaşýar. Şeýlelikde, sebitde ýylyň birinji ýarymynda 12 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürilip, bu görkeziji geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda 600 tonna köpdür.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Türkmenistanda nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň dörtden birinden gowragyny öndürýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) düzümine girýär.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


