Ýewropa Bileleşigi gazy diwersifikasiýalaşdyrmakda Türkmenistany esasy hyzmatdaş hökmünde görýär

BT
Ýewropa Bileleşigi gazy diwersifikasiýalaşdyrmakda Türkmenistany esasy hyzmatdaş hökmünde görýär
Gaz geçiriji (Surat: Uztransgaz)

Ýewropa Komissiýasy Günorta gaz koridory arkaly tebigy gazyň üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmakda Türkmenistanyň uly mümkinçiliklere eýedigini tassyklady. Bu barada “Trend” habarlar agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ugry boýunça hyzmatdaşlyk 2008-nji ýylda gol çekilen maksatnama esasynda amala aşyrylýar. Bu maksatnama energetika howpsuzlygy, infrastruktura ösüşi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa tygşytlaýyş ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Bu ugurda, şol sanda tebigy gaz meseleleri boýunça yzygiderli gepleşikleri geçirmek üçin iki taraplaýyn iş topary hem döredildi.

Habarda bellenilişi ýaly, infrastruktura taslamalary boýunça anyk kararlar milli guramalar we kompaniýalar tarapyndan kabul edilýär.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew öň Türkmenistanyň eksport ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny amala aşyrmakda bitaraplyk derejesiniň möhüm gurallardan biri bolup durýandygyny belledi.

2022