Türkmenistan himiýa senagatyny ösdürmekde yod-brom suwlarynyň öndürilşini artdyrýar

BT
Türkmenistan himiýa senagatyny ösdürmekde yod-brom suwlarynyň öndürilşini artdyrýar
Ýod-brom suwlarynyň gaýtadan işlemegi (Surat: TDH)

Türkmenistan dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gidromineral çig maly — yod-brom suwlaryny gaýtadan işlemek işini güýçlendirýär.

Ýod-brom suwlarynyň esasy känleri ýurduň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi. 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Hazar” (Çeleken), "Balkanabat" we “Boýadag” we “Bereket” termal guýularyndan alnan suwlar esasynda işleýän ýod öndürýän zawodlary hereket edýär. Ýyllyk ýod önümçiligi 525 tonna barabardyr, bu hem Türkmenistanyň dünýäde bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşulmagyna şert döredýär.

Geljekki ösüş meýilnamalary Gögerendag-Ekerem we Garadaşly sebitlerindäki täze känleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem, Esenguly etrabyndaky ýapyk nebit guýularynyň töweregindäki plast suwlarynyň uly ykdysady mümkinçiliklere eýedigi bellenilýär.

2022