Eýranyň Milli demirýol kompaniýasynyň (RAJA) baş direktory Jabbar Ali Zakeri anna güni Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow bilen geçirilen duşuşygynda ýurtlaryň gündogar portlary arkaly demir ýol ýük dolanşygyny işjeňleşdirmäge çagyrdy.
IRNA habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Zakeri üstaşyr demir ýol geçelgeleriniň mümkinçiliklerine üns çekip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini aýratyn belledi. Ol iki ýurduň sebitleýin üstaşyr ýük dolanşygynda paýyny artdyrmagyň möhümdigini nygtady. Şeýle hem ol Hytaý bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, ýylyň ahyryna çenli Hytaýdan Eýrana täze 300 demir ýol düzümleriniň getiriljekdigini we Eýranyň eksport ýüklerini daşamak üçin goşmaça ugurlarynyň işlenilip düzülýändigini aýtdy.
Eýran demir ýollarynyň ýolbaşçysy Çabahar — Zehedan liniýasynyň geljekde Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesinde ýük daşamalaryny ýeňilleşdirjekdigini nygtady we Belarusyň Eýran we Pakistan gündogar portlaryna demir ýol arkaly goşulmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Ol Türkmenistany hem-de Gazagystany bu mümkinçikden peýdalanmaga çagyrdy.
Türkmenistan Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde söwda gatnaşyklaryny we ýük gatnawlaryny giňeltmek maksady bilen Eýranyň demirgazyk portlary, aýratyn-da Amirabad porty bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýardygyny tassyklady.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


