Ýakyn geljekde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köpugurly hassahanasynyň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň, paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahananyň düýbüni tutmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde aýtdy, diýip Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Döwlet Baştutany şeýle-de Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagy göz öňünde tutulýandygyny belledi. Bu taslamalar milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda häzirki wagtda Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýändigini we Arçman şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Halk Maslahatynyň mejlisinde, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli, raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek we ýurduň sosial-ykdysady ösüşini ilerletmek bilen baglanyşykly esasy meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.



30625-495x4352.jpeg)





30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


