Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Оbalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýurduň welaýatlarynda täze häkimlikleri döretmek hakyndaky Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynda Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk we Gubadag etraplarynyň, Lebap welaýatynda Farap, Döwletli we Garabekewül etraplarynyň, Mary welaýatynda bolsa Oguz han etrabynyň häkimlikleri döredildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Adalat ministrligi bilen bilelikde, degişlilikde, görkezilen häkimlikleriň gurluşlarynyň taslamalaryny, işgär sanynyň möçberini taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Mundan ozal Türkmenistanyň Mejlisi Ahal we Daşoguz welaýatlarynda döredilen täze ilatly ýerlere şäherçe, oba derejesini bermek we olara at dakmak hakynda Karar kabul etdi.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


