Türkmenistan YHG-niň Hemişelik wekilleriniň 300-nji maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy
Türkmenistan YHG-niň Hemişelik wekilleriniň 300-nji maslahatyna gatnaşdy
Ylýas Gaýypowyň M. Sadeghiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygy, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabry, Zanjan welaýaty, Eýran (Surat: Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy)

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Zanjan welaýatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň 300-nji maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibinde birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we kararlar kabul edildi.

Şeýle hem, bu maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Zanjan welaýatynyň hakimi M. Sadeghiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşyşykda, Ilçi Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň berk taryhy we medeni baglanyşygyny nygtamak bilen, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady-söwda we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlyklaryň pugtalanýandygyny belläp geçdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy

2022