“Türkmengaz” CNPC, ADNOC bilen “Galkynyş” känini özleşdirmek boýunça gepleşikleri geçirýär

BT
“Türkmengaz” CNPC, ADNOC bilen “Galkynyş” känini özleşdirmek boýunça gepleşikleri geçirýär
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly 30-njy halkara maslahaty, 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

"Türkmengaz" döwlet konserni Hytaýyň CNPC kompaniýasy bilen “Galkynyş” gaz meýdançasynyň ikinji tapgyrynyň özleşdirilmegi boýunça gepleşik geçirýär. Üçünji tapgyryny özleşdirmek boýunça bolsa ADNOC kompaniýasy bilen gepleşikler alnyp barylýar diýip, döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” halkara maslahatynyň jemleýji metbugat ýygnagynda aýtdy.

“Galkynyş” gaz meýdançasynyň ikinji tapgyrynda ýylda 30 milliard kub metr gazyň çykarylmagy göz öňünde tutulýar, üçünji tapgyrynda bolsa ýyllyk öndürilişiň 33 milliard kub metre ýetirilmegi meýilleşdirilýär diýip, “Trend” agentligi anna güni habar berdi.

Babaýew “Türkmengaz” döwlet konserniniň gaz pudagyndaky möhüm taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirip gelýändigini, şol sanda “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegine hem-de TOPH (Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşýandygyny belledi.

Maksat Babaýewiň aýtmagyna görä, “Türkmengaz” döwlet konserni importy azaltmaga we eksporty artdyrmaga gönükdirilen gazhimiýa önümçilikleriň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy boýunça işler degişli meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda taslamanyň tehniki barlag we utgaşdyryş işleri dowam edýär, gatnaşyjy döwletleriň hökümetleri bilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy, şeýle hem birnäçe hökümetara resminamalar taýýarlanyldy. Babaýewiň bellemegine görä, Owganystanyň Hyrat şäherine çenli uzalýan böleginiň ilkinji 150 kilometrinde gurluşyk işleri geçen ýylyň sentýabr aýyndan bäri yzygiderli alnyp barylýar.

Hytaýyň CNPC kompaniýasy 2026-njy ýylyň başynda “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyrynyň senagat taýdan özleşdirilmegine başlar. Bu tapgyryň taslama kuwwaty ýylda 10 milliard kub metr tebigy gazyň öndürilmegini göz öňünde tutýar.

2022