PETRONAS kompaniýasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyny 25 ýyl möhlete — 2050-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu barada PETRONAS kompaniýasynyň gyzyklanýan taraplar bilen gatnaşyklary dolandyrmak boýunça direktory Albert Mehtiew “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025” atly halkara maslahatyň çäklerinde aýtdy diýip, Trend agentligi habar berýär.
PETRONAS häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen şelfindäki 1-nji blogunda alyp barýan işine aýratyn üns berýär. Bu ugurda PETRONAS hyzmatdaşlary XRG we ADNOC bilen bilelikde işleşýär.
Mehtiýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda känleriň özleşdirilişi işjeň depgin bilen alnyp barylýar. Kompaniýa indiki bäş ýylda önümçiligiň artdyrylmagyna gönükdirilen işleri dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de, PETRONAS Hazaryň türkmen bölegindäki beýleki taslamalara gatnaşmak mümkinçiliklerini hem öwrenýär.
PETRONAS nebithimiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem beýleki bilelikdäki başlangyçlara hem açykdygyny belleýär.
Mundan ozal “PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 1-nji blogunda ýerleşýän uglewodorod serişdelerini monetizirlemek boýunça uly meýilnamalaryny yglan etdi.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


