SINOMACH Türkmenistan bilen infrastruktura we senagat gurluşygy ugurlarynda hyzmatdaşlyga taýýar

BT
SINOMACH Türkmenistan bilen infrastruktura we senagat gurluşygy ugurlarynda hyzmatdaşlyga taýýar
CMEC we CAMCE kompaniýalaryň we Türkmenistanyň resmi wekilleriniň arasyndaky duşuşyk, 2025-nji ýylyň 17–22-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: CAMCE)

Hytaýyň döwlet korporasiýasy SINOMACH, infrastruktura hem-de senagat gurluşygy ugurlarynda, şol sanda maýa goýum hem-de potrat taslamalaryny düzmek we ony doly gurmak boýunça Türkmenistan bilen giň gerimli hyzmatdaşlyga taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada China Machinery Engineering Corporation (CMEC) hem-de China CAMC Engineering Co., Ltd. (CAMCE) kompaniýalarynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Wang Bo Aşgabada bolan iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Çakýýew bilen geçiren duşuşygynda aýtdy diýip, CAMCE-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda hytaý tarapy SINOMACH-yň Merkezi Aziýada infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmakda toplan tejribesini beýan etdi hem-de taslamalaryň ähli tapgyrlarynda — taslamalaşdyrmakdan başlap maliýeleşdirmäge çenli — toplumlaýyn çözgütleri hödürlemäge taýýardygyny belledi.

Mämmethan Çakyýew ulag-infrastrukturany döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde CMEC-niň tejribesinden peýdalanmaga gyzyklanma bildirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar senagat gurluşygy we nebithimiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Annamämmedow SINOMACH-yň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hem-de inženerçilik mümkinçilikleriniň Türkmenistanyň senagatyny döwrebaplaşdyrmakda we ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa edilmeginde ähmiýetli goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Wang Bo 17–22-nji oktýabr aralygynda Türkmenistana iş sapary bilen gelip, infrastruktura, energetika we senagat ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

CAMCE we CMEC kompaniýalary Hytaýyň döwlet korporasiýasy SINOMACH-yň düzümine girip, ol Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi Hökümetine gönüden-göni tabyn bolan iň iri döwlet kärhanalarynyň biridir.

2022