Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk başlandy

BT
Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk başlandy
Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygy

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyny garşylamak boýunça taýýarlyklar başlandy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Täze — 2026-njy ýyly garşy almak maksady bilen, Aşgabatda şäheriň esasy medeniýet ojaklarynda, şaýollarynda, dynç alyş seýilgählerinde hem-de köpçülikleýin çäreler meýilleşdirilen ýerlerde Täze ýyl arçalaryny we bezeglerini oturtmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde gurnaljak Baş arçanyň hem-de onuň daş-töweregindäki meýdançanyň taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýaşaýjylaryň we myhmanlaryň medeniýetli dynç almagy üçin degişli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belläp, Aşgabatda bezeg işleriniň hem-de Täze ýyl arçalaryny bezemek boýunça işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutany taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 5-nji dekabrdan başlap welaýatlarda, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde söwda merkezlerinde, bazarlarda we dükanlarda baýramçylyk söwdalary guralar. Şeýle-de göçme söwda nokatlaryny döretmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany ilatyň azyk üpjünçiliginiň, şol sanda gök-bakja we miwe önümlerine bolan isleginiň doly kanagatlandyrylmagy üçin degişli taýýarlyklaryň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady hem-de bazarlaryň we göçme söwda nokatlarynyň netijeli işiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli çözgütler kabul edildi.

 

2022