Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni “Altyn halka” döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy we ol ýerde suw hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ösdürilişi bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Maldarçylyk toplumynyň çäginde edara binasy, barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç sany bölüm, 200 baş göle saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy, ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin binalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary saklamak üçin kömekçi desgalar bar.

Toplumyň sagym bölüminde bir wagtyň özünde 40 baş sygyrdan önüm almaga mümkinçilik bar. Ýokary ygtybarlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan sagym enjamlarynyň kömegi bilen her sygyrdan alynýan süýdüň möçberiniň hasabaty ýöredilýär. Sygryň saglyk ýagdaýynda haýsydyr bir üýtgeşmeler ýüze çykan halatynda, sagym enjamy awtomatik usulda öçýär. Bölümde arassaçylyk düzgünleri yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Toplumyň barlaghana bölüminde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Bolgariýanyň ýokary hilli enjamlary ornaşdyryldy. Olar taýýarlanylýan iýmleriň, goşundylaryň, däneli iýmleriň hilini we ýokumlylygyny tiz wagtda barlamaga, iýmleriň çyglylygyny anyklamaga, suwuklyklaryň turşulygyny kesgitlemäge, takyk ölçegleri geçirmäge, süýdüň ýaglylygyny, belogyny, dykyzlygyny, laktoza düzümini anyklamaga niýetlenendir.
Toplumyň umumy meýdany 375 gektara barabar bolup, onuň 9 gektardan gowrak çäginde degişli desgalar ýerleşýär, 365 gektardan gowrak çäginde bolsa mallar üçin ot-iýmlik ekinlerini ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.
Dabaranyň çäklerinde wise-premýer Taňryguly Atahallyýew döwlet Baştutanyna degişli ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurulmagy teklip edilýän, ýylda 15 million ýumurtga we 1000 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk hem-de 1000 baş iri şahly maly saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumlarynyň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Döwlet Baştutany oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça döwlet syýasatynyň ýurtda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrmaga gönükdirilendigini belläp, toplumda döredilen döwrebap şertleriň önümçiligi ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
2025-nji ýylyň mart aýynda döwlet Baştutany tarapyndan gol çekilen Karara laýyklykda, Döwlet maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigine “Altyn halka” döwlet kärhanasynyň maldarçylyk fermasynyň taslamasyny düzmäge ygtyýar berildi.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


