Aşgabatda halkara düzgünlerine we brendiň korporatiw standartlaryna laýyklykda “Toyota” awtoulaglarynyň satuw we satuwdan soňky hyzmat merkeziniň gurluşygy başlandy. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Ýaponiyadaky Ilçihanasy habar berdi.
Taslamanyň buýrujysy “Beýik Ýüpek Ýoly” kompaniýasy bolup, ýapon maýa goýumlarynyň gatnaşmagy we “Toyota Central Asia” kompaniýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda gurular. Toplumyň umumy meýdany 2,79 gektara barabar.
Taslama 3S görnüşli diler merkezi - söwdany, hyzmaty we ätiýaçlyk şaýlarynyň ammaryny ýeke-täk funksional ulgama birleşdiriler. Iki gatly binada döwrebap sergi zaly we hyzmat merkezi ýerleşer. Satuw zolagynda maslahatlar we sanly hyzmatlar üçin açyk meýdançaly “Müşderi merkezi” atly “Täze Söwda Konsepsiýasy” ornaşdyrylar.
Hyzmat merkezinde ähli görnüşdäki tehniki işler - meýilnamalaşdyrylan tehniki barlag, diagnostika, hereketlendirijiniň, transmissiýanyň we şassiniň abatlaýyş işleri, kuzow abatlaýyş we reňklemek, tekerleri oturtmak işleri, elektron ulgamlaryny kalibrlemek we programma üpjünçiligini täzelemek hyzmatlary ýerine ýetiriler. Taslama bir wagtyň özünde sekiz awtoulaga çenli hyzmat etmek mümkinçilik berer. Toplumyň düzüminde kuzow abatlaýyş ussahanasy, awtoulagyň şaýlaryny söküp arassalamak zolagy we awtoulag ýuwmak üçin döwrebap zolak hem bar.
Merkeziň çäginde ýörite synag sürüşleri geçirmek üçin aýratyn zolak dörediler. Müşderilere häzirki zaman modelleri, şol sanda gibrid tehnologiýalary görkeziler. Merkez ähli müşderiler üçin bitewi hil standartlaryny saklap, kepillik we kepillikden soňky hyzmaty hödürlär.
Merkeziň gurluşygynyň 2027-nji ýylyň dekabrynda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

30625-700x5002.jpeg)







30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


