Aşgabat şäher Häkimliginde Türkmenistanyň Paýtagtynyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäheri resmi taýdan bu tora goşulyp, ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleriň döredilendigini görkezýär.
Çäre gatnaşyjylar Aşgabadyň bu tora goşulmagy paýtagtyň bilim giňişligini ösdürmekde we yzygiderli bilim almaga hukuklaryň üpjün edilmeginde durmuşa geçirýän tagallalarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini bellediler.
Aşgabat şäheri Porto-Nowo, Kair, Ankara, Lissabon, Er-Riýad, Hanoý, Buenos-Aýres ýaly şäherler bilen birlikde, şu ýyl bu tora kabul edilen 11 sany paýtagt şäheriň hataryna girdi.
2013-nji ýylda döredilen ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna şu günki gün 91 döwletiň 425 şäheri girýär. Bu şäherler, takmynan, 500 million adamyň üznüksiz bilim almagy babatda zerur şertleri üpjün edýärler.







30635-495x4352.jpg)










