Aşgabatda durky täzelenen Bitaraplyk binasy açyldy

BT
Aşgabatda durky täzelenen Bitaraplyk binasy açyldy
Bitaraplyk binasy, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabatda durky täzelenen Bitaraplyk binasynyň dabaraly açylyşy geçirildi. Täze binanyň açylyşy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň möhüm bölegi boldy. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 Dabara “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna”, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen wekiliýet ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de ýurtdaky diplomatlar we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Açylyş dabarsynda  Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Mejlisiniň başlygy Dünýagözel Gulmanowa hem-de BMG-niň Ženewa bölüminiň baş direktory Tatýana Walowa çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 1995-nji ýylda ykrar edilmegi sebitleýin hyzmatdaşlygy we durnuklylygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygy nygtaldy.

Durky täzelenen Bitaraplyk binasynyň açylyşy 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň öňüsyrasynda guralan esasy çäreleriň biridir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022