Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni "Merkezi Aziýa–Ýaponiýa"
dialogynyň ilkinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň uçary Tokio şäherindäki Haneda halkara howa menziline gonup, ony ýurduň resmi wekilleri garşy aldy.
Saparyň dowamynda sammitiň çärelerine gatnaşmak, şeýle hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.




30734-495x4352.jpeg)













