Lebap welaýatynda täze gaz guýusy ulanyşa girizildi

BT
Lebap welaýatynda täze gaz guýusy ulanyşa girizildi
"Türkmengaz" döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri täze gaz guýusyny ulanmaga berdiler

Lebap welaýatynda “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan täze “Hazarly–2” gaz guýusy ulanmaga berildi. Bu guýy “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň işgärleri tarapyndan işe girizildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi. 

Täze gaz guýusy “Böwrideşik” gaz käniniň golaýynda ýerleşýän Hazarly meýdançasynda ýerleşip, senagat möçberinde gaz çykaryşa başlanan ilkinji guýy boldy.  

Guýynyň gündelik möçberi 120 müň kub metr tebigy gaza barabardyr. Desganyň ulanyşa berilmegi içerki bazarda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ekologik taýdan arassa ýangyjyň çykarylyş möçberleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berer.

Gaz çykarylyşynyň artmagy eksport ibermeleriniň hem ýokarlanmagyna ýardam etdi. Netijede, tebigy gazyň eksport möçberi meýilnamadan 41 göterimden gowrak artyp, daşary ýurtly sarp edijilere goşmaça 1,38 milliard kub metr gaz ugradyldy.

Şeýle hem ýylyň başyndan bäri “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň gaz çykaryjylary ýer astyndan 20,908 milliard kub metr uglewodorod çig malyny çykaryp, milli ykdysadyýetiň ösüşine uly goşant goşdular.

Neşirimize ýazylmak üçin:

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022