“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy

BT
“Arkadag” AFK-nyň Çempionlar ligasy—2 bäsleşiginiň 1/16 final tapgyryna çykdy
“Arkadag” futbol topary, 2025-nji ýylyň 24-nji dekabry, Arkadag şäheri, Türkmenistan

“Arkadag” futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2 bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyryny üstünlikli tamamlady. Dekabr aýynyň  24-ne geçirilen duşuşykda türkmen kluby Bahreýniň “Al-Haldiýa” toparyny 1:0 hasaby bilen ýeňip, toparçadaky ikinji orny eýelemegi başardy. Bu ýeňiş “Arkadag” toparyny ýaryşyň 1/16 final tapgyryna çykmaga mümkinçilik döretdi. 

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, “Arkadag” topary ýaryşyň 1/16 final tapgyrynda Günbatar zolagynyň toparçalarynda birinji orny eýelän toparlaryň biri bilen duşuşar. Anyk garşydaş 30-njy dekabrda geçiriljek bije çekişliginiň dowamynda belli bolar.

Häzirki wagtda türkmen futbol toparynyň mümkin bolan garşydaşlarynyň hatarynda sebitiň güýçli wekilleri — Saud Arabystanynyň “Al-Nasr”, Omanyň “Al-Wasl” hem-de Iordaniýanyň “Al-Hussein” toparlary görkezilýär.

Ýatlap geçsek, şu ýylyň maý aýynda “Arkadag” futbol topary 2024/25 möwsüminiň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. Final duşuşygynda türkmen topary Kambojanyň “Preah Khan Reach Svay Rieng” klubyny 2:1 hasaby bilen ýeňdi. Bu taryhy üstünlik Pnompendäki "Moredok Techo" milli stadionynda geçirildi.

Neşirimize ýazylmak üçin:

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022