Türkmenistan bilen ABŞ ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

BT
Türkmenistan bilen ABŞ ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekçi
Türkmen-amerikan işewürlik forumy, 2025-nji ýylyň 6-njy noýabry, Waşington, ABŞ (Surat: Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-niň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar hususan-da, amerikan kompaniýalarynyň Turkmenistandaky köp ýyllyk işleriniň netijeliligini we elektrik energiýasy, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda, şol sanda “John Deere”, “General Electric” we “Boeing” ýaly kompaniýalar bilen bilelikdäki işewürlik şertnamalarynyň durmuşa geçirilmegini aýratyn nygtadylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, ýyllyk syýasy geňeşmeleriň we “Türkmenistan-ABŞ” Işewürler geňeşiniň duşuşyklarynyň netijeliligi bellenildi. Şeýle hem ýokary tehnologiýalar we bank-maliýe pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

Taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlaryna üns berip, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy türkmen-amerikan medeni dialogyny ýola goýmak başlangyjyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Diplomatlar iki ýurduň bähbitlerine hem-de sebit ösüşiniň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy has-da dürs we köpugurly ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022