Aşgabat şäherinde çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iň ýokary we ýokary derejeli geljekki saparlara görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.
Taraplar şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini we birnäçe sebitleýin hem-de halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Bulardan başga-da diplomatlar ýokary tehnologiýalar, ulag, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak hem-de hünär bilimi ugurlary boýunça häzirki dowam edýän we geljekde mümkin bolan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine seretdiler.
Habarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylda Aşgabat şäherinde “ÝB – Türkmenistan” işewürlik forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.



30921-495x4352.jpg)





30921-90x604.jpg)








