ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy penşenbe güni "2050-nji ýylyň nesli: Merkezi Aziýa" atly sebit hasabaty we Türkmenistana bagyşlanan ýörite goşundylary bilen tanyşdyrdy. Bu barada ÝUNISEF habar berdi.
Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de beýleki degişli döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda çagalaryň bähbidine gönükdirilen strategik maýa goýumlaryň ýurduň uzak möhletleýin ösüşine nähili täsir edip biljekdigi barada pikir alyşyldy.
Hasabatda häzirki wagtdan 2050-nji ýyla çenli Türkmenistanyň demografik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça anyk ýol kartasy teklip edilýär.
Barlaglaryň netijelerine görä, ýokary hilli bilime, saglygy goraýyş ulgamyna we durmuş goragyna berilýän üns 2050-nji ýyla çenli ykdysady ösüşiň goşmaça 9 göterim artmagyny üpjün edip biler. Bu maýa serişdeleri geljekki nesli häzirki zaman nogsanlyklaryna, şol sanda howanyň üýtgemegine we üýtgäp duran dünýä ykdysadyýetine taýýarlar.
ÝUNISEF (BMG-niň Çagalar gaznasy) — dünýäniň ähli künjeginde çagalaryň sagdyn ösmegi, bilim almagy we abadan geljegi üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen halkara guramadyr. Bu maksatlara ýetmek üçin gurama hökümetler we ugurdaş edaralar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.


















