Türkmenistanyň Energetika ministrligi “Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynyň elektrik torlary arkaly elektrik energiýasynyň geçirilişinde tehnologik sarp edilişini hasaplamak we seljermek boýunça Maslahatlary” tassyklady. Bu resminama Türkmenistanyň “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Kanunynyň ýerine ýetirilmeginiň çäginde, Ýewropa Bileleşiginiň SECCA taslamasynyň goldawy bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.
Maslahatlar elektrik energiýasynyň geçirilişi wagtyndaky tehnologik ýitgileri kesgitlemek we seljermek boýunça bitewi çemeleşmäni öz içine alýar. Şeýle hem ýitgileriň gurluşy hem-de elektrik toruna düşýän agramyny hasaplamagyň usullary giňişleýin beýan edilýär. Bu barada SECCA taslamasy habar berýär.
Täze Maslahatlara laýyklykda alnan maglumatlar tehnologik ýitgiler boýunça hasabat maglumatlaryny taýýarlamakda, ýitgileri azaltmagy meýilleşdirmekde, elektrik toruna düşýän agramyny hasaplamakda hem-de olary ýeňilleşdirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamakda ulanylar.
Bu resminamanyň ornaşdyrylmagy elektrik energiýasynyň hasaba alnyşynyň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga, netijesiz çykdajylary azaltmaga hem-de ýurduň elektroenergetika ulgamynyň ygtybarlylygyny berkitmäge giň mümkinçilik döreder.
SECCA taslamasynyň goldawy bilen häzirki wagta çenli ýurtda bäş sany kadalaşdyryjy-hukuk resminamasy işlenip taýýarlandy. Milli hünärmenler bilen bilelikde Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly ösüşi üçin kadalaşdyryjy binýady has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen ýene-de iki resminamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.


















