“Atalyk gurluşyk” kärhanasy Daşoguzda köp gatly ýaşaýyş jaý toplumyny gurýar

BT
“Atalyk gurluşyk” kärhanasy Daşoguzda köp gatly ýaşaýyş jaý toplumyny gurýar
"Atalyk gurluşyk" kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan ýaşaýyş toplumy, 2023-nji ýylyň 14-nji oktýabry, Daşoguz, Türkmenistan

Daşoguz welaýatynyň merkezinde “Atalyk gurluşyk” hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini alyp barýarlar. Daşoguz şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän bu toplumda, esasan, 7 hem-de 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 12-si gurulýar.

Türkmenistanyň gazetiniň habar bermegine görä, täze gurulýan ýaşaýyş jaýlar häzirki zaman şäher gurluşygynyň döwrebap tejribeleri esasynda bina edilýär we ol welaýat merkeziniň ýaşaýyş jaý gaznasyny giňeltmäge gönükdirilendir. Gurulýan binalar şäheriň täze gurluşyk hataryna sazlaşykly goşulyp, Daşoguzyň binagärlik keşbini has-da baýlaşdyrýar.

Şol bir wagtyň özünde welaýat merkeziniň günorta-günbatar böleginde hem ähli amatlyklary bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumy gurulýar. Bu ýerde döwlet hem-de hususy kärhanalar tarapyndan her biri 16 we 24 öýli, dört gatly ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Mundan başga-da, welaýatdaky howa menzilini aralap geçýän ýoluň ugrunda 7 gatly, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 42-sini gurmak göz öňünde tutulýar.

2022