Bütindünýä banky Merkezi Aziýada $1 milliardlyk elektrik energiýa bazaryny girizýär

BT
Bütindünýä banky Merkezi Aziýada $1 milliardlyk elektrik energiýa bazaryny girizýär
Bütindünýä bank toparynyň Waşington şäherindäki baş edarasy, ABŞ

Bütindünýä banky Merkezi Aziýada elektrik energiýasy bazaryny ösdürmäge we energetika ulgamlarynyň integrasiýasyny üpjün etmäge gönükdirilen REMIT (“Merkezi Aziýada elektroenergiýasy bazaryny ösdürmek we energetika ulgamlarynyň integrasiýasy”) atly 10 ýyllyk maksatnamany tassyklady. Maksatnamanyň umumy maliýe möçberi 1 milliard 18 million ABŞ dollaryna deňdir. Bu barada Bütindünýä banky penşenbe güni habar berdi.

Taslama sebitleýin elektrik energiýa bazaryny döretmegi, serhetara elektrik söwdasynyň gerimini giňeltmegi, elektrik geçiriji ulgamlaryň geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini energetika ulgamlaryna giňden ornaşdyrmagy maksat edinýär.

REMIT maksatnamasynyň çäginde sebit boýunça elektrik energiýasynyň ýyllyk söwda möçberini 15 müň gigawatt-sagada çenli artdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlaryň umumy geçirijilik kuwwatyny üç esseden hem köp ýokarlandyryp, 16 gigawatta ýetirmek, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika ulgamlaryna 9 gigawatt möçberinde arassa energiýa kuwwatlyklaryny birikdirmek göz öňünde tutulýar.

"Energiýa" utgaşdyryjy-dolandyryş merkezi bazar we institusional çäreleriň durmuşa geçirilmegine jogapkär bolar. Elektrik energiýasyny geçirmek boýunça milli kompaniýalar infrastruktura boýunça maýa goýumlaryny amala aşyrar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebit dolandyryjy komiteti bolsa maksatnamanyň umumy ýerine ýetirilişine gözegçilik eder.

REMIT maksatnamasy sebit ýurtlarynyň biri-biriniň üstüni ýetirýän energetika mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Hususan-da, Gyrgyzystan we Täjigistandaky gidroenergetika, Gazagystan, Türkmenistan we Özbegistandaky ýylylyk elektrik energiýasy öndürijiligi, şeýle hem Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynda gün we ýel energetikasynyň ösýän kuwwaty maksatnamanyň möhüm binýady bolup durýar.

2022