Türkmenistan suw serişdeleri babatda serhetara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de olary dolandyrmagyň howa üýtgemelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Aziýa Ösüş bankynyň (AÖB) sebit taslamasyna gatnaşar.
“Report” habarlar agentligi Aziýa Ösüş bankyna salgylanyp habar berşi ýaly, bu taslama Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistany hem öz içine alýar. Başlangyç Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) suw ugrunyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Tehniki kömegiň umumy möçberi 750 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, onuň maliýeleşdirilmegi AÖB-niň Tehniki kömegiň ýörite gaznasynyň hasabyna amala aşyrylar.
Taslama gatnaşyjy ýurtlary, degişli hünärmenleri, strategik çözgütleri hem-de bilelikdäki taslamalary birleşdirýän sebit hyzmatdaşlygynyň platformasyny döretmek arkaly suw serişdeleriniň ylalaşykly hem-de durnukly ösdürilmegine gönükdirilýär.
AÖB‑de bellenilişi ýaly, bu başlangyç sebit derejesinde institusional hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini goldar, şeýle hem howa şertlerine durnukly suw dolandyryşyny üpjün etmek boýunça amallary we gurallary döwrebaplaşdyrar.
Aziýa Ösüş banky 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip, ýurduň eksport bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda hem-de sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmakda goldaw berýär.


















