Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçilik kompaniýasyna (ASCO) degişli “Barda” parom gämisi abatlaýyş işleri geçirilenden soň täzeden öz işine başlady we Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna ilkinji ýüzüşini amala aşyryp, bu ýere 32 wagon we 12 tirkegi getirdi.
ASCO-nyň çarşenbe güni habar bermegine görä, abatlaýyş işleri Azerbaýjanyň “Zığ” gämi abatlaýyş we gurluşyk zawodynda geçirildi. Abatlaýyş işleriniň çäklerinde korpusy kebşirlemek, turba geçirijileri we elektrik gurnama işleri geçirildi, şeýle hem bug gazany we suw geçirmeýän gapylar täzelendi.
Palubanyň kranlarynyň mehaniki we elektrik bölekleri, şeýle hem lokomotiw we wagon berkidiji enjamlary sazlanyldy. Gäminiň suwuň üstündäki bölegi we wagon palubalary arassalanyldy we iki gat boýaldy. Ekipažyň ýaşaýyş jaýlary, hojalyk ýerleri we sanitariýa zolaklary abatlanyldy.
Gäminiň uzynlygy 154 metre, ini 17 metre barabardyr. Parom gämisiniň iň ýokary tizligi 12,5 uzela, ýük göterijiligi 5 müň 500 tonna çenli ýetýär.


















