Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurduň gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 133,9 göterim berjaý edilendigini habar berdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 119,1 göterim, Energetika ministrligi boýunça 114,9 göterim ýerine ýetirildi.
Wise-premýer “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkezijiniň 170,8 göterime deň bolandygyny aýtdy.
Şeýle hem hasabata görä, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan degişli meýilnama 106,2 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,9 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, ýurtdaky himiýa kärhanalarynyň işini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, elektroenergetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany wise-premýere ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi, binalardyr desgalary ýokary hilli gurup, bellenen möhletde ulanmaga bermek üçin alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.






30625-495x4352.jpeg)











