Owganystanyň 21 obasy Türkmenistanyň energiýa ulgamyna birikdirildi

BT
Owganystanyň 21 obasy Türkmenistanyň energiýa ulgamyna birikdirildi
Oba ýerinde çekilen elektrik liniýasy

Owganystanyň Badgis welaýatynyň Sang-Ataş etrabyndaky 21 obany Türkmenistanyň energiýa ulgamyna birikdirmek boýunça taslama işe girizildi.

“Bakhtar News” neşiriniň ýekşenbe güni habar bermegine görä, taslama “Breshna Sherkat” kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Taslamanyň bahasy 2 million ABŞ dollaryna barabar bolup, taslamanyň amala aşyrylmagy bilen takmynan 7 müň maşgala elektrik energiýasy bilen üpjin ediler. Habarda bellenilişi ýaly, işleriň bäş aýyň dowamynda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Ozal Owganystanyň energetika kompaniýasynyň baş direktory Abdul Bari Omar Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasynyň taslamasynyň ýol kartasynyň taýýarlanýandygyny we onuň ýakyn wagtda türkmen tarapyna iberiljekdigini habar beripdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС