“Turkmen Energy Forum” (TEF) kompaniýasynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 9–12-nji fewral aralygynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen “International Energy Week” we “London Energy Forum” çäreleriniň çäklerinde halkara kompaniýalary we maýadarlary Türkmenistanyň energetika taslamalary bilen tanyşdyrdy. Bu barada “Turkmen Energy Forum” kompaniýasy habar berdi.
Gatnaşyjylara “Galkynyş” gaz känini ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki taslamalary, gazy gaýtadan işlemek, nebiti gaýtadan işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak hem-de ugurdaş gazy netijeli peýdalanmak boýunça meýilnamalar hödürlenildi. Şeýle hem täzelenýän energiýa çeşmeleri babatda başlangyçlar, şol sanda “Altyn Asyr” türkmen kölüniň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän gibrid gün-ýel elektrik desgasy boýunça taslama aýratyn bellenildi.

Sebit infrastrukturasyna hem aýratyn üns berildi. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça gazanylan ösüşler, şol sanda Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmagyň bir ugry hökmünde garalýan Serhetabat – Hyrat böleginiň gurluşygy bilen tanyşdyryldy.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýeti metan zyňyndylaryny azaltmaga we ýanýan gazy peseltmäge gönükdirilen ekologik başlangyçlary hem hödürledi.
Türkmenistan Londonda geçirilen çärelere gatnaşyjylary şu ýylyň dowamynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara energetika çärelere gatnaşmaga çagyrdy.


















