2025: Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda $2,2 milliarda barabar boldy

BT
2025: Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda $2,2 milliarda barabar boldy
Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat we Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisinde, 2026-njy ýylyň 10-njy fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Ömer Bolatyň sosial ulgamy)

Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Aşgabatda sişenbe güni öz işine başlan Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisinde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2025-nji ýylda 2,2 milliard ABŞ dollaryna barabar bolandygyny aýtdy. Bu barada Türkiýäniň söwda ministriniň sosial ulgamynda sişenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Türkiýäniň eksport harytlarynyň 12-nji sergisini açdylar.

Türkiýäniň söwda ministri özara hyzmatdaşlygyň pugtalanmagy netijesinde, Türkmenistan bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň has hem işjeň we köpugurly bolandygyny nygtady.

Ömer Bolat ikitaraplaýyn söwda ulgamynda esasy maksadyň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenilen 5 milliard ABŞ dollary möçberine iň gysga wagtyň içinde ýetmekdigini belläp, bu ugurda işleriň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Şeýle hem ministr Aşgabatda geçirilýän sergide Türkiýäniň kompaniýalarynyň 87 sany diwarlyga wekilçilik edýändigini aýdyp, şeýle işjeň hyzmatdaşlygyň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda şu gün öz işine başlan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 12-nji fewrala çenli dowam eder.

2022
ENG TM РУС