TDHÇMB-niň sişenbe günündäki geleşikleri: 125,7 million manatlyk un satyldy

BT
TDHÇMB-niň sişenbe günündäki geleşikleri: 125,7 million manatlyk un satyldy
TDHÇMB-däki söwdadan pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçirilen söwdalarynda ýerli telekeçiler içerki bazar üçin 125 million 750 müň manatlyk “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Şeýle hem türkmen işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny, Dokma senagaty ministrliginden dokma önümlerini satyn aldylar. Söwdalaryň jemi bahasy 16 million 523 müň manada barabar boldy.

Birža söwdalarynda türkiýeli işewürleri ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy, owgan işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasdy 1  million 622 müň 300 ABŞ dollaryna deň boldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 669 million 542 müň manada barabar bolan geleşik baglaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

2022