Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly 2025-nji ýylda Türkmenistan bilen Gazagystan möçberi 4 million 122 müň 300 tonna barabar bolan nebiti geçirdi.
Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Report.az” neşiriniň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli nebit geçirijisi boýunça umumy daşalan möçberiň 15,2 göterimini düzýär.
Umuman 2025-nji ýylda Baku–Tbilisi–Jeýhan turba geçirijisi arkaly 27 million 179 müň 200 tonna nebit daşaldy.
Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi 1768 kilometr aralyga uzaýar. Ol Hazar deňzinden çykarylýan çig nebiti Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan başlap, Gruziýanyň üsti bilen Türkiýäniň Ortaýer deňzindäki Jeýhan portuna ýetirýär.


















