Russiýa bilen Özbegistan raýatlarynyň Türkmenistandan üstaşyr Eýranyň çäginden çykarylmagyny gurnaýar

BT
Russiýa bilen Özbegistan raýatlarynyň Türkmenistandan üstaşyr Eýranyň çäginden çykarylmagyny gurnaýar
Aşgabat, Türkmenistan

Russiýa we Özbegistan howa gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda, öz raýatlarynyň Eýranyň çäginden Türkmenistanyň üsti bilen çykarylmagyny guramak boýunça degişli çäreleri görýär. Bu barada Russiýanyň we Özbegistanyň diplomatik edaralary duşenbe güni habar berdi.

Russiýanyň Eýrandaky ilçihanasy öz raýatlary üçin Türkmenistanyň üsti bilen awtoulag arkaly çykmagyň tertibiniň işlenip taýýarlanylandygyny mälim etdi. Türkmenistanyň degişli taraplary bilen geçişi ylalaşmak üçin Russiýanyň raýatlaryna zerur resminamalaryň toplumyny Russiýanyň Eýrandaky ilçihanasyna ibermek wajyp bolup durýar.

Russiýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda daşary ýurt raýatlaryny Eýrandan çykarmak üçin bäş serhet geçelgesi, ýagny “Sarahs”, “Artyk- Lüftabat”, “Howdan-Bajygyran”, “Akýaýla- Inçeburun” we “Altyn Asyr-Inçeburun” gözegçilik-geçiriş nokady hereket edýär.

Şol bir wagtyň özünde Özbegistan hem öz raýatlaryna Eýranyň çäginden Türkmenistanyň üsti bilen geçmäge ýardam berýär. Özbegistanyň Daşary işler ministrligi ýurduň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ygtyýarly edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini, şeýle hem Eýrandaky özbek diplomatik wekilhanasy bilen hemişe aragatnaşyk saklaýandygyny habar berdi.

Özbek ilçihanasynyň işgärleri türkmen-eýran serhedinde öz raýatlaryny garşy alarlar. Howpsuz we guramaçylykly üstaşyr gatnawy üpjün etmek maksady bilen Özbegistanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň awtoulaglary peýdalanylar.

Maglumat almak we ony utgaşdyrmak üçin jogapkär şahslar bilen öňünden habarlaşmak maslahat berilýär:

Žasur Aşurow (+993 64 78-04-44),

Žamşid Buriew (+993 64 99-34-58),

Konsul Žamşid Ahmedow (+993 62 20-49-56)

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022