TDHÇMB-da sişenbe güni jemi 31,6 million manatlyk geleşik baglaşyldy

BT
TDHÇMB-da sişenbe güni jemi 31,6 million manatlyk geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-däki söwdadan bir pursat (Surat: TDHÇMB)

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 31 million 650 müň manatlyk geleşik baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny, “TPP D 30 S” kysymly polipropileny we "Türkmengallaönümleri" döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşary ýurt puluna Özbegistanyň işewürleri ýerli işewürlerden gazbeton bloklaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 360 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-nyň duşenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 222 million 14,2 müň manatlyk geleşik baglaşyldy.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС