Gazagystan Türkmenistan bilen serhetdäki “Žanaozen” awtoulag ýoluny giňelder

BT
Gazagystan Türkmenistan bilen serhetdäki “Žanaozen” awtoulag ýoluny giňelder
Gazagystanyň gümrük nokady (Surat: kgd.gov.kz)

Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhedinde ýerleşýän “Žanaozen” awtomobil ýolunyň bölegini dört zolakly hereket üçin giňeltmek meýilleşdirilýär. Bu barada 3-nji martda geçirilen Gazagystanyň hökümet mejlisinde ýurduň ulag ministri Nurlan Sauranbaýew habar berdi.

“Zakon.kz” neşiriniň habar bermegine görä, Nurlan Sauranbaýew “Türkmenistan – Russiýa” ulag geçelgesiniň bir bölegi bolan bu meýdançada ýoly giňeltmek boýunça taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny işläp taýýarlamak boýunça işleriň eýýäm başlanandygyny aýtdy.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ugur boýunça işleriň 2026-njy ýyla tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Žanaozen şäherini türkmen-gazak serhedi bilen baglanyşdyrýan awtomobil ýolunyň uly möçberli abatlaýyş işleri 2025-nji ýylyň awgust aýynda başlandy.

2022