Täjigistanyň Prezidenti Duşanbede Türkmenistanyň wise-premýerini kabul etdi

BT
Täjigistanyň Prezidenti Duşanbede Türkmenistanyň wise-premýerini kabul etdi
Emomali Rahmonyň Taňryguly Atahallyýew bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 4-nji marty, Duşanbe, Täjigistan (Surat: Täjigistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy)

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon 4-nji martda Duşanbe şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, şeýle hem onuň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Emomali Rahmon ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini belläp, söwda, senagat, ulag we logistika, şeýle hem oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Taraplar sport we syýahatçylygy, ýaşlar, medeni hem-de ylym-bilim alyş-çalyşmalaryny öz içine almak bilen, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem özara gazanylan ylalaşyklary amaly taýdan durmuşa geçirmekde Hökümetara toparyň esasy mehanizm hökmünde eýeleýän orny aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda döwletara dialogy yzygiderli saklamak we halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Wise-premýer söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Duşanbe şäherine geldi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022