Wise-premýer: Türkmenistan energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

BT
Wise-premýer: Türkmenistan energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň wise-prezidentleriniň ikinji mejlisi, 2026-njy ýylyň 2-nji apreli, Baku, Azerbaýjan (Surat: AZERTAG)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew penşenbe güni Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň wise-prezidentleriniň ikinji mejlisinde Türkmenistanyň dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň ygtybarly, durnukly we diwersifikasiýalaşdyrylan üpjünçiligini ýola goýmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi habar berdi.

Nökerguly Atagulyýewiň aýtmagyna görä, bilelikdäki energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, infrastrukturalaryň ösdürilmegine hem-de energetika bazarlarynyň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şol bir wagtyň özünde, ähli gatnaşyjylaryň — önüm öndürijileriň, üstaşyr döwletleriň we sarp edijileriň bähbitleriniň göz öňünde tutulmagy Türkmenistanyň energiýa syýasatynyň esasyny düzýär diýip, wise-premýer öz çykyşynda nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýurduň eýýäm birnäçe türki döwletleri bilen gaz we energetika ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini hem-de bu hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bilelikdäki başlangyçlar ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de sebit we sebitara energetika howpsuzlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Mundan başga-da, wise-premýer Türkmenistanyň Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta ugurlary boýunça halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine ähmiýet berýändigini belledi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС