Britaniýanyň energetika kompaniýasy (BP) Türkmenistanyň we Gazagystanyň gazyny Azerbaýjan arkaly dünýä bazaryna çykarmak üçin täze eksport ýoluny döretmäge goşulmaga taýýardygyny belledi.
BP-niň Azerbaýjandaky baş geology Bagir Ibragimowyň aýdanlaryna salgylanyp, “Report” agentliginiň penşenbe güni habara bermegine görä, bu taslama 2030-njy ýyla çenli Ýewropa energiýa serişdeleriniň üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmagyň gurallarynyň biri hökmünde garalýar.
Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýa taslamany durmuşa geçirmek üçin Azerbaýjanda toplan tejribesini ulanyp, gazyň Hazar deňziniň üsti arkaly daşalmagyny üpjün edýän we soňra daşary bazarlara çykarylmagyny göz öňünde tutýan utgaşdyrylan infrastrukturany döretmegi meýilleşdirýär.
Britaniýanyň energetika kompaniýasynyň baş edarasy Londonda ýerleşip, ol nebit we gaz gözlegleri, çykarylyşy hem-de gaýtadan işlenişi bilen meşgullanýan iri halkara nebitgaz kompaniýalarynyň biridir.

















