Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa tebigy kükürtden boýaglary almak tehnologiýasyny işläp taýýarlady. Esasy çig mal hökmünde “Galkynyş” gaz käninden alnan kükürt ulanyldy.
Uniwersitetiň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetinde geçirilen barlag işleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynda hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Bu proses kükürt kislotasyny almakdan, onuň alýumin bilen täsirleşip alýumin sulfatyny emele getirmeginden, şeýle hem durnukly boýag we ýelimleýji düzümleri sintez etmek üçin gips, hek we beýleki komponentleri goşmakdan ybaratdyr. Geçirilen synaglar bu düzümleriň antiseptiki häsiýetleriniň bardygyny, daşky täsirlere durnuklydygyny hem-de adam we daşky gurşaw üçin doly howpsuzdygyny görkezdi.
Bu işläp taýýarlama Türkmenistanyň himiýa we nebitgaz pudaklary üçin täze mümkinçilikleri açýar. Önümçilik ykdysady taýdan amatly bolup, çylşyrymly enjamlary talap etmeýär. Şeýle hem bu materiallar gurluşyk, dokma, deri we kagyz senagatynda ulanylyp, importyň ornuny tutmaga we ýurduň serişdeleriniň gaýtadan işlenmegine ýardam eder.










31368-90x604.jpeg)






