“Rowaçlan Galkynyş” ýyladyşhanalarda ulanylýan ýörite polipropilen matasyny satuwa çykardy

BT
“Rowaçlan Galkynyş” ýyladyşhanalarda ulanylýan ýörite polipropilen matasyny satuwa çykardy
“Rowaçlan Galkynyş” hususy kärhanasynda alnyp barylýan önümçilikden bir pursat

“Rowaçlan Galkynyş” hususy kärhanasy ýyladyşhanalarda we ekerançylykda ulanylýan ýörite polipropilen matasyny ýakynda satuwa çykardy. Bu barada kärhananyň marketing boýunça hünärmeni Ibraýym Gurbanow Türkmenistanyň resmi metbugatyna sişenbe güni beren interwýusynda aýtdy.

“Ak granuladan öndürilýän bu mata daşky täsirlere we gyzgynlyga hem çydamlydyr. Matanyň ini 1 metrden 4 metre çenli, dykyzlygy bolsa 65 g/ m2-den 200 g/m2-e çenli bolup, müşderiniň islegine görä dürli reňkde öndürilýär. Onuň esasy aýratynlygy 1, 3 ýa-da 5 göterim derejede ultramelewşe şöhlelerinden goragyň üpjün edilmegidir” diýip, Ibraýym Gurbanow nygtady.

Kärhana 2010-njy ýylda esaslandyrylyp, onuň önümçiligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýär. Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda kärhana “Rowachpack” haryt nyşany bilen azyk we azyk däl önümleri saklamak üçin niýetlenen rulon görnüşli polipropilen torbalary, . Şeker, galla, un we tüwi ýaly önümleri gaplamak üçin sygymlylygy 5 kilogramdan 80 kilograma çenli bolan adaty haltalary şeýle hem elde götermek üçin tutawaçly kiçi torbalary öndürýär.

Mundan başga-da, “Rowachpack” haryt nyşanly gaplama önümleri häzirki wagtda GDA ýurtlarynyň birnäçesine yzygiderli eksport edilýär. Geljekde bu önümleri Ýewropa we Günorta Amerika ýurtlaryna hem eksport etmek meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022