Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow duşenbe güni Pekinde Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) müdiriýetiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar gaz pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada CNPC-niň resmi neşiri bolan “China Petroleum News” habar berýär.
Wise-premýer energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň çig mal söwdasy derejesinden, “nusgalyk” strategik taslama öwrülendigini belledi. Guwanç Agajanow Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň we Amyderýanyň sag kenaryny özleşdirmegiň bilelikdäki ösüşiň esasy hereketlendirijileri bolup çykyş edýändigini, munuň bolsa täze energetik kuwwatlyklarda öňdebaryjy inžener çözgütlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.
Daý Houlýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnuklylygyny belläp, Pekiniň ýurduň serişdelerini we Hytaý bazarynyň mümkinçiliklerini netijeli ulanyp, Türkmenistanyň taslamalaryna maýa goýumlaryny dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem taraplar ýokary derejedäki ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan ozal kompaniýa ýylda 10 milliard kub metr taslama kuwwaty bolan uly “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça halkara bäsleşikde ýeňiş gazandy.

















