“Şanly mekan” hojalyk jemgyýeti patrul katerlerini, ýahtalary öndürmegi maksat edinýär. Bu barada kärhananyň ýolbaşçysy Akmyrat Soltanow sişenbe güni TSTB-niň 18 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän serginiň çäklerinde Türkmeistanyň resmi metbugatyna gürrüň berdi.
Kärhana kompozit materiallaryndan dürli görnüşli suw howuzlaryny, balykçylar üçin gaýyklary, gezelenç etmäge niýetlenen katerleri öndürýär.
“2022-nji ýylda esaslandyrylan kärhanamyz daşary ýurtlaryň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu, esasan-da, hyzmatdaşlyk şertnamalary esasynda gaýyklardyr katerleriň düzüm böleklerini satyn almak, çig mal üpjünçiligi bilen baglydyr” diýip, Akmyrat Soltanow aýtýar.
“Şanly mekan” hojalyk jemgyýeti howuzlary howly jaýlaryna, beýleki dynç alyş ýerlerine islege görä dürli ölçegde taýýarlap berýär.
Şeýle hem kärhananyň ýolbaşçysy geljekde uly deňiz ulaglaryny öndürmek bilen, alyp barýan işleriniň gerimini giňeltjekdiklerini mälim etdi.

















